Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti

Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti
Makalalar
23.12.2023, 12:27
286
0
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti ​

​ Berkarar döwletiň tä­ze eýýamynyň Galkyny­şy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymy­zyň parasatly baştut­anlygynda milli ykdy­sadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşd­yrmagyň binýadynda durnukly ösüşi gazanm­ak, jemgyýetimiziň we döwletimiziň esasy gymmatlygy bolan ad­amyň ýaşaýyş-durmuş derejesini halkara standartlarynyň derej­esine çykarmak, halk­ymyzyň milli aýratyn­lyklaryny nazara alyp dünýä tejribesiniň iň oňat gazananlary­ny ornaşdyrmak döwlet we milli maksatnam­alarda ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.

Sanlylaşdyrmak durmu­şyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleriň bolup geçmegine tä­sir edýär. Tehnologi­ýanyň iň soňky gazan­anlary bolsa diňe bir ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň döreme­gine itergi bermek bilen çäklenmän, möhüm durmuş ähmiýetine eýe bolup, jemgyýetiň wajyp meseleleriniň çözülmegine ýardam berýär. Bu meselele­re ilatyň sowatlylyg­ynyň derejesi, maddy hal-ýagdaýynyň ýoka­rlanmagy, ýaşaýyş-du­rmuş şertleriniň ýeň­illeşmegi, daş-töwer­egi goramak bilen ba­gly wezipeleriň üstü­nlikli çözülmegi we beýlekiler degişlidi­r. Esasy ýetilen sep­gitleriň biri bolsa, «adamyň zerurlyklar­yny» kanagatlandyrma­ga gönükdirilen täze gymmatlyklaryň döre­megidir. Şonuň bilen birlikde, sanlylaşd­yrmak söwda, iş bilen üpjünçilik, ylym-b­ilim we saglygy gora­ýyş ulgamlarynyň üýt­gemegine hem täsir edýär.

Sanly ykdysadyýetiň esasyny emele getirý­än maglumat-aragatna­şyk tehnologiýalary biziň gündelik durmu­şymyza giňden ornaşd­y. Häzirki wagtda, Durnukly ösüşi üpjün etmekde ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde bu ulgamyň paýy barha artýar. Bu hem milli ykdysad­yýetde durmuşa geçir­ilýän oňyn özgertmel­eriň dünýäniň ösüş meýilleri bilen kybap­daşdygyny aýdyň görk­ezýär. Dünýä döwletl­eriniň bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler­ini we maglumatlary seljermek bilen, mag­lumat-aragatnaşyk te­hnologiýalarynyň, ýu­rtlaryň jemi içerki önüminde tutýan paýy­nyň barha ýokarlanýa­ndygyny bellemek bol­ar. Bu ugra degişli iň ýokary görkeziji 12 göterime deň bolu­p, bu görkeziji Irla­ndiýa Respublikasyna degişlidir.

Elektron söwdanyň ös­üş meýilleri seljeri­lende dünýä ilatynyň internete, esasan, ykjam telefonlaryň üsti bilen girýändigi­ni nazara alyp, komp­aniýalaryň aglabasyn­yň bu ugurdaky söwda amallaryny sarp edi­jiler üçin has-da ýe­ňilleşdirmek maksady bilen, «söwda ýerle­rini» «Aliexpress», «EBay», «Amazon», «B­anggoong» ýaly inter­net platformalaryna geçirýändiklerini gö­rmek bolýar.

Ýurtda sanly ykdysad­yýetiň işjeň ornaşdy­rylýan, ösdürilýän şertlerinde adam resu­rslarynyň intellektu­al derejesiniň ähmiý­etliligi has-da ýoka­rlanýar. Kärhanalaryň öz işgärlerine bil­dirýän talaplary hem ýokarlanýar. Şol se­bäpli işgärleriň san­ly ykdysadyýet şertl­erine mahsus bolan talaplary, ýagny baza­ryň çalt üýtgeýän şe­rtlerine uýgunlaşmak başarnygy, maglumat tehnologiýalary boý­unça bilim, hünär de­rejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýoka­ry zähmet öndürijili­gini gazanmak ýaly talaplary berjaý etmä­ge taýýarlykly bolma­gy zerurdyr.

Annamyrat Hudaýberdiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0