Şanly toýuň şanyna

Şanly toýuň şanyna
Makalalar
26.02.2024, 16:12
230
0
26.02.2024ý.

Şanly toýuň şanyna

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan baş şäherimiziň köçeleriniňdir şaýollarynyň ugrundaky duralgalaryň Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýazgylary, söz ussadynyň heýkeldir portret suratlary bilen bezelmegi paýtagtymyzyň keşbine özboluşly öwüşgin çaýyp, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

 Aşgabadyň esasy köçelerine we şaýollaryna seýran edeniňde, her bir duralganyň diýen ýaly «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ýazgyly diwarlyklar bilen bezelendigini görüp, begeneniňi duýman galýarsyň. Dana şahyrymyzyň watançylyk, agzybirlik, edep-terbiýe häsiýetli şygyrlaryndan setirlere-de duralgalaryň diwarlyklarynda orun berlipdir. Munuň özi kämil eserleri okap, ruhy lezzet almaga mümkinçilik bermek bilen ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge ýakyndan ýardam berýär.

Bagtyýar Çolukow

Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0