Rim sanlary barada maglumatlar

Rim sanlary barada maglumatlar
Makalalar
07.08.2023, 07:53
193
0
Rim sanlary barada maglumatlar

Gadymky Rim sanlar ulgamyndaky 7 sany I, X, C, M, V, L, D ýaly belgileri aslynda latyn harplary bolup, olaryň san hökmündäki gymmatlylygy şeýle aňladylýar. I= 1, II=2, III=3, IV=4, V=5, X=10, L=50, C=100, D=500, M=1000. Islendik natural sany Rim sanlary arkaly ýazmak bolýar. Uly san kiçisinden öň ýazylsa, sanlar goşulýar. Meselem; LI=50+1=51. Kiçi san ulysyndan öň ýazylsa, uly sandan kiçisi aýrylýar. Meselem; IX=10-1=9. Sanlar ýazylan mahaly şol bir rim belgisi 3 gezekden köp gaýtalap ýazylmaýar. Ýene-de bir gyzykly maglumatlaryň biri bolsa, Rim sanlar ulgamynda bäşlik san düzüminiň bildirip durýanlygydyr. Rimlileriň dilinde (latyn dilinde) bäşlik san barada hiç hili eser ýok. Diýmek, bu sam düzümini olar başga halklardan alan bolmagy mümkin. Rim sanlaryny ulanmak arkaly, arifmetik amallary ýerine ýetirmek oňaýsyzdyr. Şonuň üçin häzirki wagtda Rim sanlary asyrlary, eserleriň bablaryny, aýlaryň hem-de tertip sanlary belgilemekde giňden peýdalanylýar. Arifmetik amallarda oňaýsyzam bolsa Rim sanlar ulgamy Italiýada XIII asyra çenli, Ýewropanyň başga döwletlerinde bolsa XVI asyra çenli ulanylypdyr.

Allaýar Omarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0