Makalalar

Makalalar
Makalalar
02.01.2024, 18:57
221
0
02.01.2024ý.

Parahatçylyk we abadançylyk

Türkmenler geçmişden bäri dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýüregi bilen goldaýan halk. Düşünişmek, ylalaşmak, bir maksada gulluk etmek türkmenleriň ganynda bar. Bu ynsanperwer häsiýetler häzirki döwürde has-da berkeýär. Göý-ä köküni ýere berkden uran daragt mysaly. Şeýle pikir ýöretmeleriň aýdyň mysalyny biz Türkmenistan döwletimiziň goňşy we dünýä döwletleri bilen alyp barýan taryply halkara gatnaşyklarynda görüp, aňlap bilýäris. Bu ýerde esasy gürrüň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlyk, dostanalyk gatnaşyklary hakynda barýar. Bizi juda buýsandyrýan närse-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň iňňän oýlanyşykly pähim-parasady netijesinde bu gün Türkmenistan — BMG gatnaşyklary ýaýbaňlanyp, taryhymyzy şöhratlandyrýan täze sahypalar ýazylýar.

Kalba watançylyk duýgusyny guýýan taryhy waka baradaky söhbetlere sözümizi syrykdyralyň! Taryhy wakalara ser salsak, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Ine, biziň döwletli gürrüňimizem şu wakadan gözbaşyny alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzy begendiren bu beýik ädimi ata Watanymyzda giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesiniň däbe öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň dünýäniň syýasy, ykdysady, hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýandygyny, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýandygyny ykrar edýär.

Eýup Annamuhammedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0