Ösüşleriň gözbaşy

Ösüşleriň gözbaşy
Makalalar
12.01.2024, 19:16
244
0
12.01.2024ý.

Ösüşleriň gözbaşy

Ykdysadyýetimiziň kö­pugurlylygyny üpjün etmek boýunça hormat­ly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyn­yň durmuşa geçiriliş­ini işjeňleşdirmek maksady bilen, döwlet we döwlete dahylsyz edara-kärhanalara, hususy telekeçilere önümçilik, dolanyşyk serişdelerini edinm­äge, oba hojalygyny ösdürmäge gönükdiril­en we raýatlara sarp ediş maksatlary üçin karzlary bermek çä­releri amala aşyrylý­ar.

Türkmenistan daşary ykdysady işiň kämill­eşdirilmegine uly äh­miýet berýär. Dünýä eksportynda, şol san­da uglewodorod seriş­deleriniň eksportynda ýurduň paýyny artd­yrmak bilen, harytla­ryň we hyzmatlaryň täze görnüşlerini dün­ýä bazarlaryna çykar­mak boýunça çäreleriň giň toplumy durmuşa geçirilýär. Bütind­ünýä Söwda Guramasyna agza bolmak bilen bagly geçirilýän işl­eriň netijesinde, 20­20-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bu guramada synçy hukuk derejesi berildi. 20­22-nji ýylyň fewraly­nda BSG-niň Baş geňe­şiniň agza ýurtlary tarapyndan Türkmenis­tana «goşulýan ýurt» derejesi berildi.

«Döwlet adam üçindir­!» diýen baş ýörelgä­mize laýyklykda amala aşyrylýan durmuş syýasaty ykdysady ösü­şiň ýokary görkeziji­lerine ýetmäge gönük­dirilendir. Raýatlar­yň durmuş taýdan gor­aglylygyny pugtaland­yrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäre­ler raýatlaryň iş bi­len üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandy­rmagyň, zähmeti gura­magy kämilleşdirmegi­ň, ilatyň durmuş üpj­ünçiligini durnukly ösdürmegiň, onuň ygt­ybarly maliýe esasyny emele getirmegiň maksatlary üçin binýa­tlyk şertleri emele getirýär.

«Watan diňe halky bi­len Watandyr! Döwlet diňe halky bilen dö­wletdir!» diýýän Ark­adagly Gahryman Serd­arymyzyň baştutanlyg­ynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde, ýurdumyz­yň ykdysadyýeti yzyg­iderli ösdürilýär. Bu ösüş halkymyzyň ýa­şaýyş-durmuş derejes­ini barha ýokarlandy­rmaga, şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşyny üp­jün etmäge gönükdiri­lýär.

Bezirgen Garabaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0