Ýöremegiň saglyga peýdasy

Ýöremegiň saglyga peýdasy
Makalalar
10.10.2023, 14:32
230
0
10.10.23.ý

Ýöremegiň saglyga peýdasy

Gyş paslynyň öň ýanynda saglygyňy berkitmekde altyn güýzüň her bir pursaty gymmatly. Munuň üçin güýzüň döredýän şertleri-de örän göwnejaý. Güýz bize dürli iýmişler bilen birlikde işdämiziň hemişe açyk bolmagy üçin ýakymly, salkyn howasyny-da hödürleýär. Şeýlelikde, bize gowy iýmitlenip, hemişe hereketde bolmak arkaly, saglygymyzyň aladasyny edäýmek galýar.

Ynsan bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýeterlik hereket wajyp bolup durýar. Şonuň üçin-de lukmanlar günüň dowamynda mümkin boldugyndan köpräk ýöremegi maslahat berýärler. Özi-de birsydyrgyn ýöremegiň peýdasynyň örän uludygyny, günüň dowamynda 5 kilometr töweregi ýöräp geçmegiň adamyň ömrüni uzaldýandygyny bu ugurdan ýörite tejribeleri geçirýän lukmanlar belleýärler. Sebäbi ýöremek bedendäki holesteriniň derejesini, gan basyşyny sazlaýar.

Ýöremek ýürek näsazlyklarynyň öňüni almakda hem esasy hemaýatçylaryň biridir. Süýji keseline, gipertoniýa garşy göreşmekde-de ýöremegiň peýdasy uly. Sebäbi adam ýörände, bedenindäki myşsalaryň 200-den gowragy herekete gelýär. Esasan-da, döredijilik bilen meşgullanýan adamlar üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Ýörelen wagty beden endorfin bölüp çykarmagyny çaltlandyrýar. Endorfin bolsa adamyň göwnüni göterýär, beýniniň işleýşini gowulaýar.

Umuman, güýzüň salkyn günlerinde mümkin boldugyça köpräk hereket etmeli. Şeýtmek bilen sowuk sebäpli hereket az edilýän gyş paslyny-da sagdyn, ruhubelent geçirmek mümkinçiligimizi has artdyrýandygymyzy unutmaly däldiris.

Hojaahmet Hojaniýazow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby

Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0