Bady sebani gorsem

Bady sebani gorsem
Magtymguly Pragy
26.12.2022, 22:13
834
0
Dehistanyň baýrynda Bady-sabany görsem. Bahaweddin Mirkulal, Zeňňi Babany görsem.  

Nagleýni arşa täçdir, Ady äleme paçdyr, İki jahan mätäçdir, Arap zybany görsem.  

Gelen geçer çaşt edip, Eglenmez güzeşt edip, Köňül aýdar keşt edip, Älem-jahany görsem.  

Hezyr kimin çöllerde, Ylýas kimin köllerde, Kowus kimin daglarda, Ýagşy-ýamany görsem.  

Ýokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany Ol Rumystany görsem.  

Jan pany, jahab şeýda, Mundan hiç ýokdur peýda, Ýedi dag, ýedi derýa, – Däli dünýäni görsem.  

Magtymguly hoş bolsa, Aksa didäm, ýaş bolsa, Imanym ýoldaş bolsa, Barsam, Käbäni görsem.

Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0