Nowruz — ähli Gündogaryň baýramy

Nowruz — ähli Gündogaryň baýramy
Makalalar
22.03.2024, 13:11
195
0
22.03.2024ý.

Nowruz — ähli Gündogaryň baýramy  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda geçmişimizi öwrenmäge, asylly däplerimizi we milli ýörelgelerimizi has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çünki halkymyzyň şöhratly taryhy, baý mazmunly däpdessurlary bar. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Ine, bu gün hem türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda belleýär.

Nowruz baýramy öz köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çäginde ekerançylygyň ýüze çykmagy bilen ata-babalarymyz täze senenama we özboluşly däp-dessurlary döredipdirler. Baharyň gelýän gününi, tebigatyň janlanýan döwrüni täze ýyl hökmünde toýlapdyrlar. Şeýlelikde, halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biri — Nowruz güni kemala gelipdir. Wagtyň geçmegi bilen Nowruz baýramy Gündogar halklarynyň esasy baýramçylygyna öwrülipdir. Halkara Nowruz güni türki halklaryň aglabasynyň milli baýramy hökmünde bellenilip geçilýär. Bu bolsa taryhy müňýyllyklara uzaýan türkmen medeniýetiniň dünýä ösüşine uly goşant goşandygyny ýene bir gezek äşgär edýär.

Halkara Nowruz güni halklaryň köpöwüşginli medeniýetlerini baglanyşdyrýan, ruhy-medeni aýratynlyklaryň aýnasy hökmünde, agzybirligi, dostana gatnaşyklary hem-de ynsanperwerligi hasda kämilleşdirýän baýramdyr. Onuň baýramçylyk ruhy bolsa täzelenişiň we dostanalygyň alamatydyr.

Senemgül ALLAKOWA

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0