Milli gymmatlyklarymyza sarpa

Milli gymmatlyklarymyza sarpa
Makalalar
14.02.2024, 20:35
144
0
Milli gymmatlyklarymyza sarpa

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimize, gadymdan gelýän gymmatlyklarymyza aýratyn üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nusgawy edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmek işi, milli gymmatlyklarymyzy dünýäde wagyz etmek ýörelgesi üstünliklere beslenýär. Biz muny şu ýyl döwlet derejesinde amala aşyrylýan işlerde, belent maksatlarda görýäris.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga belent sarpanyň nyşanydyr. Şeýle şanly waka biziň her birimizi buýsandyrýar, milli gymmatlyklara bolan sarpamyzy, gyzyklanmalarymyzy has-da artdyrýar. Bu bilim işgärlerini döredijilikli işlemäge, ýaş nesillere nusgawy edebiýatymyzy öwretmäge, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga ruhlandyrýar.

Şu şanly ýylyň özi beýik ösüşleriň, milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmagynyň ýylydyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini öwrenmäge, ýaş nesillere öwretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Çünki şahyr watançylygy, asylly ýörelgeleri, ynsanperwerligi wasp edipdir. Onuň goşgularynda adamkärçiligiň belent nusgasyny, birek-birege sarpany görmek bolýar. Bu ajaýyp sypatlar ýaş nesiller üçin hem nusgalykdyr. Ýaş nesilleri terbiýelemekde şahyryň goşgulary esasy orunda durýar. Bularyň hemmesi bilim işgärleri üçin görelde mekdebi bolup, ýaşlary bilimli edip ýetişdirmekde, milli ruhda terbiýelemekde bu ýörelgeleri ösdürmäge ruhlandyrýar.

Türkmen halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş beren, gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimizi mynasyp ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Kasym Ýazmyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0