Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy dünýä­siniň şamçyragy ​

Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy dünýä­siniň şamçyragy  ​
Makalalar
23.12.2023, 00:09
295
0
Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy dünýäsiniň şamçyragy

​ ​ Ajaýyp we gaýtalanmajak döredijiligi bilen edebiýat meýdanynda öçmejek yz galdyran türkmen nusgawy edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi aýratyn özüne çekijidir. Nusgawy şahyrlarymyza uly sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hem ýokary baha berýär.

Akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl-paýhas eleginden geçirip, dür dänesi kimin eserleri döredip, türkmen jemgyýetiniň we nusgawy edebiýatynyň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlapdyr.

Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde öňe süren garaýyşlaryny öwrenmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak bilen baglanyşykly tutumly işler amala aşyrylýar. Şahyryň umumadamzat ruhy-medeni hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň ençemesinde okalýar. Dünýä belli gündogary öwreniji alymlar we akyldarlar Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp, gymmatly maglumatlary topladylar hem-de birnäçe ylmy işleri çap etdiler.

Bu gün biz beýik Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde, bagtyýar zamanasynda ýaşaýarys. Watansöýüjilige, agzybirlige we dost-doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň ajaýyp şygyrlary üstünden asyrlar geçse-de, öz wajyplygyny, ähmiýetini ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alyp gelýär.

Dana şahyryň köňül küýsegini amala aşyran, berkarar döwleti guran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, asylly ýörelgelere dowamat dowam beren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Watanymyz bedew bady bilen pajarlap ösýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan belleniljek 2024-nji ýylda hem agzybir türkmen halky hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşip, meşhur şahyryň döredijiligini mundan beýläk-de öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini has hem giňelder. Bu bolsa merdana halkymyzyň dana şahyrymyza bolan beýik söýgüsinden nyşandyr.

Daýanç Yagmyrow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0