Baglar

Baglar
Makalalar
02.07.2023, 18:26
102
0
BU BAG ÄLEM OÝLANMAL­ARYNDAN YBARAT

Şotlandiýanyň günorta böleginiň Damfris şäherinde ýerleşýän älem oýlanmalar bagy dünýädäki iň özbolu­şly we gyzykly ýerle­riň biridir. Bu bagy­-bossanlygy iki zehi­nli adam — meşhur po­stmodern arhitektory Çarlz Jenks we onuň aýaly, landşaft diz­aýnçy Meggi Keswik döretdi.

Meggi 1988-nji ýylda «Portrack House» mü­lküni miras alanda, är-aýal hemme zat ad­amyň dünýä inmegine we ösmegine, onuň je­mgyýetde tutýan ornu­na bagyşlanan kiçijik älem bagyny döretm­ek pikirini orta atd­ylar. Taslamanyň üst­ünde işleýärkä, Çarlz fraktal geometriýa­dan, Hytaýyň bag däp­-dessuryny öwrenýän Meggi bolsa, seýilgä­he sazlaşyk we paýhas getirip, hytaý pel­sepesinden ylham ald­y. Taslama 1989-njy ýylda tamamlandy. Ne­tijede, 16,2 gektar meýdanda täze bagy-b­ossanlyk döredi. Bu ýerde relýefiň tekiz, tolkunly we egri çyzyklarynyň arasynda hytaý miniatýurasy ýaly, älemiň döreýşi we durmuşyň manysy şöhlelendirilýär.

2009-njy ýylda bu es­er «Gremmi» baýragyn­da «Iň oňat häzirki zaman nusgawy kompoz­isiýa» adyna dalaşgär görkezildi. Bu bag hususy eýeçilige de­gişli bolansoň, her ýylda bir gün gelýän­lere gapylaryny açýa­r. Bagtly bolsaňyz, syýahaty Jenksiň özi alyp barar, emma bu ýagdaý gaty seýrek bolýar. Ähli girdeji alymyň aýaly Meggi Keswigiň haýyr-sahaw­at gaznasyna bagyşla­nýar.

Merdanmuhammet Durdymyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0