Magtymguly — dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy

Magtymguly — dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy
Makalalar
01.04.2024, 07:37
99
0
01.04.2024ý.

Magtymguly — dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy  

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda – berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýýar. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi hem muňa mysal bolup bilýär.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda ýadygärliginiň dikeldilmegi, edebi mirasynyň öwrenilmegi üçin hem uly tagalla edilýär.

Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilen köp sanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Mundan başga-da, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny bellemelidiris.

Şahyryň öňki ýubileý toýlary bilen baglanyşykly giň göwrümli wakalara ser salanymyzda beýik işleriň amala aşyrylandygyna göz ýetirýärsiň. Häzire çenli Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, onuň baý mirasyna sarpanyň alamaty bolan ýokary derejedäki işler edildi.

Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda uly dabara bilen bellenilýär. Häzirki wagtda bu ýubileý bilen bagly dabaradyr çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.  Olar Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe türkmeniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem, beýleki halklaryň wekillerinde-de ýaňlanýar.

Şanazar Çarýarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1579
0