Kunji yagy

Kunji yagy
Makalalar
18.12.2022, 08:35
619
0
Juwazda alnan künji ýagy — juwanlygyň ilkinji ädimi

Sözümizi ilki bilen juwazyň nämediginden başlaly. Meň özüm-ä juwaz barada tä Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, juwazçy daýynyň öýlerine barýançam bilemokdym. Giň howlynyň içinde ýerleşýän juwaz hemmämizi haýran galdyrdy.​

Juwaz — künjüden we beýleki käbir ösümlik çigidinden ýag edýän ýönekeý abzal. Ol agaçdan bolup, ýüp bilen düýä daňylýar. Şol bir ýerde aýlanyp duran düýäniň başy aýlanmaz ýaly onuň gözleri daňylýar.

Arassalanan künjüni juwazyň sokusyna salmaly. Soňra düýe juwazyň daşyndan aýlanyp başlaýar. Mazalyja döwülen künjiden ýag çykyp başlaýar. Onuň galandylaryna künji ara diýilýär. Bu işiň dowamlylygy uzak gitse 3 sagada çekýär.

Düýe janawer kiş-kiş diýseň ýöreýär, çüş-ş diýseň togtaýar. Şonda düýe maly — dünýe maly diýilmeginiň nähili dogrudygyna ýene bir ýola göz ýetirdik.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Ýusup Halykow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0