Köňülleriň şygary​

Köňülleriň şygary​
Makalalar
19.01.2024, 15:15
257
0
19.01.2024ý.

Köňülleriň şygary​

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler barha dabaralanýar. Munuň şeýledigini ýaňy-ýakynda şöhratly seneler, şanly wakalar bilen tamamlanan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem dolulygyna subut etdi. Dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň uly üstünliklere eýe bolmaklary, ýylyň tamamlanýan günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza sowgat etmegi geçen ýylyň şanyna şan goşýan iň bir möhüm wakalaryň biri boldy.

Bu ajaýyp kitabyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýen jümleleri bilen başlanmagy, kitaby okan her bir ýaş nesliň özüne bolan ynamyny artdyrýar. Döwlet Baştutanymyz kitabynyň başynda, okyja: «Taryh nähili ýazylýar?» diýen çuň manyly sowaly bermek bilen, onuň jogabyny mümkin boldugyndan giň hem düýpli seljermäge çagyrýar. Hakykatdanam, täze kitaby okadygyňça, taryh diýlen ümmülmez wagt giňişligine bir söz bilen jogap bermegiň mümkin däldigine göz ýetirýärsiň. «Geçilen ýollar, külterlenen menziller, çekilen zähmetler, ýetilen sepgitler we olara edilen yhlas hem-de wagt — ömrüň manysyny kesgitlemekdäki esasy ölçeg birlikleridir» diýip, jaýdar belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu sözleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly pelsepewi eserleriniň mynasyp dowamy bolup kalbyňa dolýar.

Biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz döwlet derejesinde nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýän zamandyr. Nesilleri mähir-söýgi bilen gurşap, durmuşda dogry ýola ugrukdyrmak arkaly, terbiýäniň möhüm görnüşlerini ulanmak, çagalaryň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýmak hemişe-de ähmiýetli bolupdyr. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň, jemgyýetiň uly orny bar. Umumy orta bilim berýän, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleri hem terbiýäniň möhüm ojaklarydyr. Hormatly Prezidentimiz hem özüniň ajaýyp kitabynyň «Ýaşlar bilim ulgamynda» atly bölüminde şular hakynda jikme-jik belläp geçýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işleriň ählisiniň düýp özeninde halkymyzyň eşretli we şöhratly geljegi, ylymly-bilimli, lebzi halal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesiniň esasy orunda durýandygyny, çünki ylmyň-bilimiň ynsanyň dünýägaraýşyny ösdürýändigini, kuwwatyny artdyrýandygyny nygtap geçýär.

Nurmuhammet Seýitliýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0