Jenneti mekanym — Tü­rkmenistanym

Jenneti mekanym — Tü­rkmenistanym
Makalalar
22.11.2023, 17:58
208
0
Jenneti mekanym — Türkmenistanym

Gözel Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheri nurana keşbi, ajaýyp gözelligi bilen haýrana goýýar. Tebigatyň gözellik bilen sazlaşýan ýeri bolan şäher häzirki zaman «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlup, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilendir. Şäher gurluşygynda ekologik abadançylyga aýratyn üns berilmegi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Innowasion taslamasy dünýä we milli binagärliginiň iň gowy tejribesini özünde jemleýän kaşaň binalar şäheriň görküne görk goşýar. Medeni-durmuş maksatly binalara beýik we görnükli şahsyýetlerimiziň ençemesiniň atlarynyň dakylmagy olara goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Taryhyň ähli döwürlerinde yklymlaryň ýollaryny özüne birleşdiren ata Watanymyzy, ösüşlere beslenýän ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän başlangyçlaryndan ugur alýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşdir özgerişleriniň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy adam we onuň abadan, bagtyýar durmuşy hakynda edilýän aladanyň subutnamasy bolup durýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri giň mümkinçilikleriň şäheridir. Bu ýerde ýaşamak, döredijilikli işlemek, okamak, dynç almak üçin ähli döwrebap şertler döredilendir.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Baýramgül Hallyýewa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0