Biz — öz geljegimizi gurýarys

Biz — öz geljegimizi gurýarys
Makalalar
05.09.2023, 16:08
219
0
Biz — öz geljegimizi gurýarys

Bäş ýyllap bilim alýan ojagyň wagtyň geçmegi bilen ikinji öýüňe öwrülýän eken. Şonuň üçin hem institutymyzyň täze binalar toplumynyň guruljakdygy baradaky hoş habary eşiden günümizden onuň düýbüniň tutuljak taryhy pursatlaryna garaşdyk. Şu okuw ýylynyň ilkinji gününde bolsa şol pursatlaryň janly şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy.​

2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýokary okuw mekdebimiziň birnäçesiniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda ýokary hünär bilimi ulgamynyň geriminiň barha giňeýändigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bilim ojagymyzda ylmy işler bilen meşgullanylyp, açyşly gözleglere gyzyklanma ýokarlanýar. Geljekde bolsa bu işleri has ösdürip, mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň taslama işleri bilen dünýä giňişligine çykmaga mümkinçiligimiz artar.

Biz — öz geljegimizi gurýarys. Sogaply işimizi döwrüň iň täze mümkinçilikleriniň gurşawynda alyp barmak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurdumyzyň bagtyýar şu gününe we röwşen geljegine gönükdirilen işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Begmuhammet Annalyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0