Hormatly Prezidentim­iz GDA-nyň Bişkek sammitinde derwaýys teklipleri öňe sürdi ​

Hormatly Prezidentim­iz GDA-nyň Bişkek sammitinde derwaýys teklipleri öňe sürdi  ​
Makalalar
14.10.2023, 15:44
179
0
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň Bişkek sammitinde derwaýys teklipleri öňe sürdi ​

​ Mälim bolşy ýaly, 13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ​ Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkalaşygyň döwletlerini geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahatyň birinji mejlisine çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek barada Türkmenistanyň teklipleri Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň formaty üçin derwaýys bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sebitiň durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşini üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň, maliýe we ykdysady institutlaryň ýakynlaşmagyna we tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleriň we çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny Maslahatyň esasy maksady hasaplaýandygyny nygtady.

Munuň özi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri amal etmekde, sebitde we dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we ählumumy howpsuzlygy berkarar etmekde işjeň çykyş edýän döwletdiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Mundan başga-da, sammitiň barşynda bolan pikir alyşmalaryň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň jemleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe guramaçylyk we beýleki degişli meselelere garaldy.

GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew 2024-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Russiýa Federasiýasyna geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek baradaky çözgütleri beýan etdi.

Sammitiň jemleri boýunça resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Arzygül Gylyjowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0