Halkara hyzmatdaşlyk — ösüşleriň beýany

Halkara hyzmatdaşlyk — ösüşleriň beýany
Makalalar
09.01.2024, 09:19
127
0
Halkara hyzmatdaşlyk — ösüşleriň beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her bir günümiz şanly taryhy wakalara we ajaýyp özgertmelere beslenýär. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şol maksat bilen, 2023-nji ýylyň 26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy.

Ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, abraýly iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli dialogyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolup durýan Türkmenistan GDA agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda, her bir tarapyň milli bähbitlerini, umumy maksatlary nazara almak bilen alyp barýar. Ýurdumyzyň bu garaýyşlary taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

GDA döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarly Türkmenistan guramanyň giňişligindäki özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň GDA-nyň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy hem-de döwrüň talabyna laýyk gelýän öňe sürýän başlangyçlary munuň aýdyň beýanydyr.

Dawut Tirkeşow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0