Halkara hyzmatdaşlyk dowamat-dowam

Halkara hyzmatdaşlyk dowamat-dowam
Makalalar
19.01.2024, 15:04
251
0
19.01.2024ý.

Halkara hyzmatdaşlyk dowamat-dowam

Türkmenabat Halkara howa menzili resmi web-saýtynda 2024-nji ýylda esasy hyzmatdaşlyk etjek daşary ýurt awiakompaniýalary barada maglumat berdi.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, halkara menzil üstümizdäki ýylda Gruziýanyň GeoSKY, Türkiýäniň MNG we Moldawiýanyň TERRA AWIA kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirer.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde agzalan awiakompaniýalaryň ýük uçarlary Türkmenabat şäherinde tehniki gonuşy amala aşyrarlar. Ýylyň başyndan bäri bu kompaniýalaryň uçarlary menzilde birnäçe gezek tehniki gonuşy amala aşyrdylar. Welaýat merkezimizdäki howa menzilinde uçarlara türkmen topragyndan gazylyp alnan «gara altyndan» işlenilip taýýarlanylan uçar ýangyjy guýlup, beýleki tehniki hyzmatlar hem ýokary derejede amala aşyrylýar. 2018-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen howa menzilinde munuň üçin ähli mümkinçilikler bar.

Nazar Agamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0