«HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

«HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
Makalalar
25.05.2024, 08:33
168
0
25.05.2024ý.

"HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI" ATLY HALKARA BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

2024-nji 23-25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirildi. Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Bäsleşige gatnaşyjylar degişli düzgünnama laýyklykda, halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn görnüşinde ýazuw-barlag işlerine we test sowallaryna jogap berdiler. 

«Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda giňden dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik parahatçylygy wagyz etmek, halkara dialogy işjeňleşdirmek, medeni diplomatiýany ilerletmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda oňyn netijeleri gazanmakda örän ähmiýetli boldy. Bu halkara bäsleşik diňe bir ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň däl, eýsem, sebitiň ähli döwletleriniň talyp ýaşlarynyň Türkmenistanyň parahatsöýüjilikli daşary syýasaty barada giň düşünjä eýedigini ýüze çykardy. 

Bäsleşigiň jemlerine görä ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň talyplarynyň onlarçasy ýeňiji diýlip yglan edilip, olara degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

Halbibi SATLYKOWA

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby. 
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0