Makalalar

Makalalar
Makalalar
27.03.2024, 19:13
109
0
27.03.2024ý.

Gündogarda öçmejek yz galdyran söz ussady  

Türkmen halky Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Halkymyz akyldar şahyryň beýik poeziýasyny geçmişi, şu güni, geljegi hasaplap, kalbynda henize-bu güne çenli ýaşadyp gelýär. Şonuň netijesinde-de, söz ussadynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, akyldaryň mertebeli keşbi Milli Liderimiziň döwet galamyndan kemala gelýän dürdäne eserleriň, naýbaşy kitaplaryň mazmunynda aýdyňlygy bilen öz beýanyny tapýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr.

Beýik söz ussady her bir döredijiniň ýüreginde, aňynda ýaşaýar. Ondan bolsa, döredijiniň galamyndan syzylyp çykýan dürdäne setirlere, kitaplara siňýär. Şeýdibem, akyldar şahyrymyz asyrma-asyr, nesilme-nesil aşyp, türkmen milletiniň agzybirligini, asudalygyny, parahatçylygyny, mizemezligini görkezýän baýdaga öwrülýär.

Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragy özüniň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri bilen türkmen halkynyň, şol sanda Gündogar halklarynyň taryhynda we ruhy dünýäsinde öçmejek yz galdyran söz ussadydyr. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň keşbini her bir eserinde şöhlelendirmegi asla ünsden düşürmeýär. Şolaryň biri-de, Milli Liderimiziň ömür beýanyna öwrülen «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabydyr. Her bir adamyň durmuşyny dogry guramagy baradaky ugrukdyryjy gollanma bolan bu kitapda durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açylýar. Beýan edilýän wakalaryň ömür we adamyň ruhy, medeni, syýasy ösüşleri bilen özara baglanyşmagy, akyldar şahyryň pikir-garaýyşlarynyň şöhlelendirilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde söz ussadynyň şahsyýetine, ajaýyp şygryýetine hormat-sarpanyň beýik beýanyny döredýär.

Ybraýym Gurbanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1578
0