golubika

Makalalar
Hytaýyň «Сhina’s Science and Technology Daily» neşiriniň ýazmagyna görä, Günorta Hytaý oba hojalyk uniwersitetiniň professory Çen Riýuan we onuň topary adaty görnüşinden has uly, miweleriniň diametri 42 millimetrden hem geçýän golubika ösümligini ýetişdirmegi başardylar. Hytaýda adaty golubikalaryň diametri 22 millimetrden geçmeýär. Onuň täze görnüşiniň bahasynyň beýlekilerden gymmatdygyna garamazdan, täze miwä bazarda isleg ýokary. Çünki ol ähli kowumdaşlaryndan pesinden 2 esse uly.
Sekiz ýyllyk gözlegleriň netijesinde döredilen täze sort Hytaýyň günorta sebitlerinde ýetişdirilmäge ýaramly diýlip ykrar edildi. Ondaky şekeriň mukdary bolsa 16,9 göterime çenli ýetýär. Hytaýyň bazarlarynda aprelden sentýabr aýyna çenli golubika miwesine duş gelmek bolýar.
Ýene bir aýratynlyk täze sortuň çalt hasyla durýanlygydyr. Ozalky miweli gyrymsy baglaryň ekişden soň hasyla durmagyna 3 ýyl garaşmaly bolan bolsa, indi bu täze görnüşiň 1 ýyldan hasylyny ýygybermeli. Hasyllylyk hem ozalkysyndan üç-dört esse ýokary bolýar.
Suleýman Nedirow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...