Garaşsyzlyk — guwanj­ymyz ​

Garaşsyzlyk — guwanj­ymyz  ​
Makalalar
23.12.2023, 12:16
272
0
Garaşsyzlyk — guwanjymyz

​ ​ Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda guwandyryjy netijeler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, hemişelik bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alnyp, halk hojalygynda ýokary netijeler gazanylýar, halkara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz döwlet syýasatynyň mizemez sütünleridir. Türkmen topragynda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygyň eçilýän miwelerini her ädimde görüp we duýup ýaşaýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Ýurdumyz halkara derejede möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi, parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolup, uzak möhlete niýetlenilen ösüş maksatlary bolan, kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.​ Senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulan ýurdumyzda ykdysady ösüşler bilen bir hatarda medeniýetde, ylym-bilimde, sungatda uly ösüşler gazanylyp, ýurdumyzyň baý taryhy hem-de medeniýeti dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzdaky ähli ugurlardaky ösüşleriň dünýäde giňden ykrar edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen hasyl bolýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna guwanyp, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi ugrunda raýatlarymyzyň her biriniň yhlasly zähmet çekmegi maksadalaýyk bolup durýar.

Bu gün Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Eziz Diýarymyz bedew bady bilen täze-täze ýeňişlere barýar. Eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna diýseň jogapkärli garamak bilen, bu syýasata uly ähmiýet berýär. Hemişelik Bitaraplygymyz mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy, häzirki zamandaky ähmiýetli orny we ýurduň güýji baky Bitaraplygymyz bilen ygtybarly berkidildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk – ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň berk sütünlerine öwrüldi.

Ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Abdyresul Hudaýnazarow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0