Makalalar

Makalalar
Makalalar
15.03.2024, 22:48
110
0
15.03.2024ý.

Ekologiýa abadançylygy üns merkezinde  

  Ekologiýa abadançylygy halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň esasy şerti bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, ony has-da baýlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär, şunuň bilen baglanyşykly giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Golaýda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen gol çeken Karary her birimizde uly şatlyk duýgusyny döretdi. Resminama laýyklykda, şu ýyl ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp, welaýatlaryň häkimliklerine-de edil şonça saýaly, pürli we miweli baglaryň, şeýle-de üzüm nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi öňden bar bolan gök zolaklaryň üstüni ýetirip, türkmen tebigatynyň has-da gözelleşmegine, ak bazarlaryň datly miweler bilen baýlaşmagyna getirer.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanyp, asylly däbe öwrülen bag ekmek dabaralaryna halkymyz her ýyl agzybirlik bilen gatnaşýar. Ýylyň-ýylyna geçirilýän bu dabaralarda ekilýän millionlarça düýp agaç nahallary, täze desgalaryň açylyşynda oturdylýan saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, daş-töwerege gözellik çaýýar. Tebigat bilen ene topragyň syrly dünýäsinden, halkyň asylly zähmetinden döreýän bu ajaýyplyk güýjüňe güýç goşup, ruhubelentlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramak göz öňünde tutuldy.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär.

Resul Geldimyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0