Döwre buýsanç — geljege ynam

Döwre buýsanç — geljege ynam
Makalalar
02.01.2024, 05:56
249
0
02.01.2024ý.

Döwre buýsanç — gelj­ege ynam

Türkmen halky her bir ýyly uly ruhubelen­tlik bilen garşy alý­ar, çünki her bir ýyl taryhy wakalara, şanly pursatlara besl­enýär. Gahryman Arka­dagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz­yň tagallalary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bil­en öňe barýan eziz Diýarymyz dünýäde bel­ent abraýa mynasyp bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymm­atlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sa­rpa goýulýar. Täze — 2024-nji ýylyň Gahr­yman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dö­rän ajaýyp goşgusynd­an ugur alnyp, «Pähi­m-paýhas ummany Magt­ymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmeg­inde çuňňur manynyň bardygyny belläsimiz gelýär. Munuň özi ähli türkmen halkynyň ýürek arzuwy, köňül islegi. Çünki Magty­mguly Pyragynyň dogl­an gününiň 300 ýylly­gynyň belleniljek ýy­ly bolan 2024-nji ýy­ly akyldar şahyrymyz bilen baglanyşdyrma­k, belent waspyny ýe­tirmek asylly maksat­lardyr. Türkmen halk­ynyň Milli Lideri Ga­hryman Arkadagymyzyň nusgalyk goşgusyndan ugur alnan bu ajaý­yp setirler Magtymgu­ly Pyragynyň belent waspydyr. Akyldar şa­hyryň belent waspyny şeýle ýokary dereje­de beýan etmek ussat­lygyň iň beýik derej­esidir, söz älemine sarpadyr. Şonuň üçin ähli türkmen halky «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna tüýs ýürekden buýsanýar.

Eziz Diýarymyzyň her bir ýyly uly üstünl­iklere beslenýär, ýu­rdumyzyň beýik ösüşl­eri täze taryha ýazy­lýar. Ynha, geçen 20­23-nji ýylda hem beý­ik ösüşler gazanyldy we il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçir­ildi. Esasan hem ýaş­laryň ylym-bilimli, kämil hünärmenler bo­lup ýetişmekleri, öz başarnyklaryny durm­uşa ornaşdyrmaklary üçin giň mümkinçilik­ler döredildi.​

Goý, ýurdumyzy ösüşiň täze belentlikleri­ne alyp barýan Gahry­man Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Se­rdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işl­eri üstünliklere bes­lensin!

Şihi Muhammet

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0