dil bilmek — dünýä

Makalalar
Dil öwrenmek sözleýiş medeniýetiniň we pikir alyşmagyň bir bitewi ulgamydyr. Dil bilmeklik jemgyýetiň intellektual, ahlak, ykdysady, syýasy kuwwatynyň ýokarlanmagyna getirýär. Ata-babalarymyz «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýlen pähimi hem döredipdirler. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek hem-de bu dillerde erkin gürleşip bilmek döwrümiziň esasy talaby bolup, häzirki zaman jemgyýetiniň derwaýys wezipelerini çözmekde esasy hyzmaty ýerine ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirip bilmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň hem-de çuň bilim berilmeginiň netijesinde, olar dürli ugurlar boýunça öz saýlan hünärlerini ele alýarlar hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Dil bilýän ýaş hünärmenler ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmakda, daşary ýurt tejribelerini öwrenmekde has artykmaç mümkinçiliklere eýe bolýarlar. Netijede, bu günki gün türkmen ýaşlary dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, iňlis dilinde suwara gürlemegi başarýarlar.
Döwletgeldi Çarwaýew
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+EnterКомментарии (0)
In Kop Seredilen

Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty,
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...

Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...