Gurmak gurpdan

Gurmak gurpdan
Makalalar
10.09.2023, 13:16
217
0
Ýüreklerde, hakydala­rda hemişelik orun alýan pursatlar, waka­lar bolýar. Institu­tymyzyň mugallymlary­dyr talyp ýaşlaryndan şeýle günler barada sorasaň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýa­şlar ýylynyň 1-nji sentýabryny buýsanç bilen ýatlar. Sebäbi şol gün biziň ýokary okuw mekdebimiziň bäş müň talyba bilim bermäge niýetlenen täze binasynyň düýbi tutuldy.

2012-nji ýylyň 25-n­ji maýynda döredilen Türkmen döwlet bina­gärlik-gurluşyk inst­ituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edar­asydyr. TDBGI Türkm­enistanyň Gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýok­ary derejeli hünärme­nleri taýýarlaýar. TDBGI-niň düzümine Okuw-gurluşyk merkezi, häzirki zaman enja­mlary we maşynlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmen-hindi okuw­-önümçilik merkezi, ätiýaçlyk serkerdele­ri we raýat goranyşyň şepagat uýalaryny taýýarlamak boýunça okuw merkezi, muzeý, 3 sany umumy ýaşaý­yş jaýy, naharhana we stadion girýär.Hä­zirki wagtda institu­tda 8 fakultet we 26 kafedra hereket ed­ýär we 4276 müňden gowr­ak talyplar döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar.​ Ins­titut Türkmenistanyň döwlet we hususy eý­eçilikdäki edaralary we kärhanalary üçin ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça hünär­menleri taýýarlaýar we her ýylda 600-den gowrak ýokary bili­mli hünärmenleri goý­berýär.TDBGI dünýän­iň öňdebaryjy uniwer­sitetleri (Russiýa, Rumyniýa, Belarus, Germaniýa, Italiýa, Hindistan we ş.m.) bilen ylym we bilim ulgamynda halkara gat­naşyklary saklaýar.

Bize şeýle bagtyýarl­ygy bagyş edýän Gah­ryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alk­yşlarymyzy aýdýarys.

Dawut Şamyradow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0