Dil bilmek — derwaýys talap

Dil bilmek — derwaýys talap
Makalalar
19.03.2024, 20:19
127
0
19.03.2024ý.

Dil bilmek — derwaýys talap  

Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, ýaşlara çuňňur bilim-terbiýe berilýär. Şunda kämil tehnologiýalar bilen birlikde dünýä dillerini öwretmek hem möhümdir. Bagtyýar ýaş nesillerimiziň bilim alyp, dürli dilleri bilýän, ylymly hünärmenler bolup ýetişmegi üçin eziz Diýarymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär. Dil dünýä medeniýetine, beýleki halklaryň ylym-bilim dünýäsine aralaşmagyň iň möhüm serişdesidir. Şol sebäpli hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ýaş nesle diňe bir ene dilini kämil derejede öwretmek däl-de, eýsem, daşary ýurt dillerini öwretmek barada-da anyk wezipeleri goýýar.

Ýurdumyzda ýaşlara dünýä halklarynyň dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlarymyz dünýä edebiýatyndan habarly bolýarlar, ylmy edebiýatlary özleşdirmäge mümkinçilik alýarlar.

Häzirki ylmyň örän tizlik bilen ösýän döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwes edýän ýaşlar barha köpelýär. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini ýokary derejede özleşdirmekleri barada öňde goýlan wezipe ýurdumyzyň dürli ulgamlary üçin hem diýseň peýdalydyr. Dil bilimiň we düşünjäniň çeşmesidir. Sebäbi özge halklaryň dillerini köp bildigiňçe düşünjäň artýar. Düşünje bolsa bilime, ylma, kämillige eltýän ýeke-täk ýoldur. Daşary ýurt dillerini öwredeniňde ýaşlaryň ol dili tiz we çuňňur özleşdirmekleri üçin aýdylýan maglumatlaryň öwrenijiniň ýadynda galyjylygyny gazanmak esasy şertleriň biridir.

Dil öwrenmegiň kynçylygy ýok. Türkmen ýaşlarynyň köpüsi daşary ýurt dillerini öwrenmäge diýseň ukyply. Halkyň ruhy baýlygy, medeni gymmatlygy dil öwrenmek arkaly ýüze çykýar, kämilleşýär. Bir zady aýratyn belläsim gelýär. Her bir dili öwrenýärkäň, özüňe nätanyş bolan dünýä düşen ýaly bolýarsyň. Şol dili öwrendigiňsaýy hem ol dünýä seniň üçin açylyp başlaýar. Şonda bilimiň, dünýägaraýşyň hem giňelýär. Durmuşa bolan düşünjäň artýar. Soňra bolsa ol dili öwreneniň üçin öz-özüňden diýseň hoşal bolýarsyň we pähimli pederlerimiziň «Dil bilen dünýäni gezer» diýen sözleriniň manysyna göz ýetirýärsiň.

Ýaşlara döwrebap bilim almakda giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri elmydama üstünliklere beslensin!

Orazjemal Meredowa

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0