Bilimiň binýady pug­talanýar

Bilimiň binýady pug­talanýar
Makalalar
14.10.2023, 19:12
335
0
Bilimiň binýady pugtalanýar ​

​ ​ Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biriniň binýadynda hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladasy bar. Nesil terbiýesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Umumadamzat gymmatlyklarynyň iň naýbaşylaryny özünde jemleýän nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar.

Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýmek bilen, ýaşlary ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar, has-da döredijilikli, täze usullar bilen işlemäge borçlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesliň häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde ýaşlarymyzyň bilim derejeleri ýokarlanýar. Munuň şeýledigini türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýandyklary tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamy has-da kämilleşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň ösüş-özgerişlere beslenen bilim ulgamynyň binýady barha pugtalanýar, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Bu bolsa halkymyzyň kalbynda buýsanç, guwanç duýgularyny döredýär.

Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlar baradaky aladany üns merkezinde saklaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başy aman, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bahar Arykowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0