Bilim özgertmeleri — ösüşleriň kepili

Bilim özgertmeleri — ösüşleriň kepili
Makalalar
12.02.2024, 11:59
158
0
12.02.2024ý.

Bilim özgertmeleri — ösüşleriň kepili

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary derejeli taýýarlykly we häzirkizaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan ykdysatçylary, tejribeli hünärmenleri taýýarlamagy öz içine alýan giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony netijeli durmuşa geçirmegiň anyk meýilnamasy milli bilimiň derejesiniň hem-de onuň hiliniň döwrebap ösüşini kesgitlemekde ileri tutulýan ugurlary belleýär. Konsepsiýa laýyklykda täze bilim merkezleri, portallary döredilýär.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

«Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hukuk esasy hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Bilim hakynda», «Elektron resminama, resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş edýärler.

Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagaty kemala getirmek, aň-bilim maýasyny artdyrmak, işewürlik maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna eýe bolmak hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan asylly maksatlarynyň özeninde durýan durmuş hakykaty bolmak bilen, bu babatda Türkmenistan döwletimizde möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly bilim ulgamy döwrüň talabydyr. Sanly gurşaw ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirip, sanly maglumatlaryň elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde döredilen bilim portaly seýrek okuw kitaplaryny, edebiýatlary gözläp tapmaga, gerek bolan ýagdaýynda bilim bermek işini uzakdan guramaga, iş tejribesini alyşmaga oňyn mümkinçilik berýär.

Tehnologiýalaryň ösmegi we innowasiýalaryň ykdysadyýetiň hem bilimiň ösmegine edýän täsiriniň artmagy, täze nusgadaky kompýuter enjamlarynyň peýda bolmagy, ýerlerde elektrofikasiýalaşdyrmak, awtomatizasiýalaşdyrmak işleriniň intellektual zähmetiniň gerimini yzygiderli artdyrýar. Bu çäreler bolsa, öz nobatynda, sanly ulgama hemmetaraplaýyn geçmek hadysalaryna goşmaça tizlik berýär.

Garýagdy Garryýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0