Beýik söz ussadynyň sarpasyna

Beýik söz ussadynyň sarpasyna
Makalalar
06.02.2024, 10:10
213
0
Beýik söz ussadynyň sarpasyna

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy ahlak gözelligi, edep-terbiýe, halal, päk, Hak ýolundan ýöräp, ile-güne ýagşy görelde bolmak, Watany söýmek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak dogrusynda öz goşgularynda öwran-öwran belläp geçipdir. Beýik söz ussady, dünýäniň akyldary Pyragy ynsanyýete diňe akyl-paýhas ündemek bilen çäklenmän, eýsem, okalyşy bilen aýratyn täsirli, ynsan duýgusyny güýçli tolgundyrmaga ukyply çeper keşbiň dilinde sözleýär. Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, öňdengörüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbynda ebedi yz galdyrýar. Magtymgulynyň çeper döredijiligindäki ähli ägirt işler, täzelikler, kämil hem-de özüne çekiji çeper şygyrlar onuň dünýägaraýşy we ylhamlanmak duýgusy bilen baglydyr.

Beýik şahyr we akyldar türkmen diliniň many goýazylylygyny, şirinligini öz eserlerinde örän nepislik hem ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Onuň şahyrana ajaýyplygynyň ýanynda gymmat baha göwher gaşlarynyň ýalpyldysy hem köreksi gelýär.

Şahyr döwri, durmuşy anyk hem sada dilde beýan etmegiň ussady, görelde mekdebini geçen beýik halypadyr. Çünki, bu mukaddes toprak Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne baba, Möwlana Jelaleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe filosoflary, şahyrlary, beýik akyldarlary dünýä peşgeş berdi. Olaryň edebi taglymaty, çuň pähim-paýhaslary ynsanyýetiň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Pyragy edebiýat, medeniýet, pelsepe ummanynyň şeýle läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham, täsir alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldardyr.

Türkmeniň synmaz ruhuna deňelýän akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanylýar. Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry barada söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirler kalplara ylham bolup ornaýar. Magtymguly atamyz çeper sözüň üsti bilen döwrüň, halkyň ýagdaýyny suratlandyryp, halkyň ýüregine aralaşmagy başaran ussat. Onuň arassa ahlaga, päklige, halallyga çagyrýan öwüt-ündew häsiýetli goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Batyrgeldi Rejepgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0