Makalalar

Makalalar
Makalalar
19.02.2024, 19:40
204
0
19.02 2024ý.

Beýik akyldara goýulýan sarpa

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrülen beýik akyldaryň döredijiligi, şan-şöhraty äleme dolýar. Şu jähetden, TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisiniň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, dana akyldaryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi şahyryň ýubileý toýy bilen bagly dabaralary halkara derejesine çykarar.

Magtymgulynyň döredijilik tematikasy örän giň we köptaraply. Şahyr öz Watanyny hemme zatdan eziz görüpdir. Bu beýik döwrümizde nesilleri milli ruhda terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň goşgulary bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasdyr. Onuň umumadamzat ähmiýetli garaýyşlary halklaryň, döwletleriň dost-doganlyk hem-de bütin ynsanyýetiň agzybirlikli, ylalaşykly gatnaşyklarynyň has-da berkemegine, parahatçylyk söýüjilikli ündewleriň ýaýbaňlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi gursaklara ylham beriji güýçdür.

Bu gün biz ýurdumyzda amal edilýän il-ýurt bähbitli işleriň netijesinde «Göterildi ol ykbaly türkmeniň» diýip, buýsanç bilen aýdýarys. Türkmen halky hemişe öz danasyna uly sarpa goýup geldi. Onuň edebi mirasyny arzylap, asyrlardan-asyrlara aşyryp, dilden-dile, nesilden-nesle, ýüreklerden ýüreklere geçirdi we şu günümize getirdi. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynyň üsti bilen, beýik akyldara goýulýan sarpany arş deňine ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, şahyryň köptaraply filosofiki döredijiligini giňişleýin we çuňňur öwrenmek, ony dünýä ýaýmak we ýaş nesillerimize kämil görnüşde ýetirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu bolsa halkymyzyň öz beýik ogluna goýýan belent sarpasynyň nyşanydyr.

Rüstem Nurgeldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0