Bag ekmek — sogaply iş

Bag ekmek — sogaply iş
Makalalar
19.03.2024, 20:25
213
0
19.03.2024ý.

Bag ekmek — sogaply iş

  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda raýatlaryň rahat, sagdyn, eşretli durmuşyny üpjün etmek, daşky gurşawy, gözel tebigatymyzyň arassalygyny gorap saklamak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyzda her ýylyň ýaz hem-de güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň tebigatynyň gözelligini artdyrmak bilen birlikde, ekologiýa abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna hem uly täsirini ýetirýär. Berkarar döwletimizi bagy-bossanlyga öwürmek hem-de tokaý zolaklaryny döretmek boýunça giň gerimli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň tutuş daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda diýseň ähmiýetlidigi bolsa öz-özünden düşnüklidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak ugrundaky işler dowamat-dowam bolýar. Muňa 16-njy martda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Bu dabaralara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmaklary bolsa biziň üçin nusgalyk göreldedir. Şol göreldeden ugur alyp, biziň bilim ojagymyz bolan — Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem bu il-ýurt ähmiýetli çärä işjeň gatnaşdylar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge öz goşantlaryny goşdular.  

Biz söz bilen aýdanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň» ajaýyp bahar paslynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigine biz nobatdaky gezek göz ýetirdik. Şeýle sogaply işleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdyr hoşallyk sözleri hem dilleriň senasyna öwrülýär.

Täzegül DÖWRANGELDIÝEWA

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0