Arzyly döwrüň miweleri ​

Arzyly döwrüň miweleri  ​
Makalalar
12.09.2023, 09:55
261
0
Arzyly döwrüň miweleri

​ Diýarymyzyň Garaşsyzlygy — bagtyýar, nowjuwan, görkana günlerimiziň çogly Kuýaşy kibi eşretli günlerimize röwşen şuglasyny bolluk bilen eçilýär. Arzylanyp, kän garaşylyp ýetilen bagtyň niçiksi eziz hem-de şeýlekin ýürege ýakymly bolşy ýaly, ata-babalarymyzyň ençe asyrlap arzuwlan bu günleriniň telwasy biz — türkmen nesilleriniň baky bagtynyň wysalyna öwrüldi. Ynha, ýene sanlyja günlerden her ýylyň güýzünde, hasyl möwsüminde bellenilýän Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy uludan toýlanar. Hut şu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, 20-21-nji sentýabrda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň» geçirilmegi-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň miwelerini bütin dünýä açyp görkezer.

Elbetde, bu günki gün Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýylynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän görlüp-eşidilmedik derejedäki ägirt uly ösüşler Ýer ýüzüniň yklymlaryny haýrana goýýar. Bu bolsa Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň aňryýany bilen durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Hut şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä meselelerine çemeleşmesinde we daşary syýasy strategiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýa ygrarlylygy bagtyýar döwrümiziň ösüşleriniň hereketlendiriji güýji mysaly, ýurdumyzyň taryhy ösüşleriniň hataryny uzaldýar.

Alijan Ýuldoşow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0