Arzuwlan zamanyň gel­di, Pyragy

Arzuwlan zamanyň gel­di, Pyragy
Makalalar
06.02.2024, 10:07
234
0
Arzuwlan zamanyň geldi, Pyragy

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsini has-da belende göterdi. Çünki bu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem halkara derejede-de giňden belleniljek ýylydyr.

Asyrlar ötüp, heňňamlar geçse-de, gymmatyny ýitirmän, her döwürde-de adamlaryň göwnüni awlap, kalbyny ýyladyp bilýän, duýgularyny heýjana salyp, aňyna ýiti täsir edip bilýän şahyr bolmak üçin ynsana üýtgeşik, ylahy zehin gerek. Hakdan içen şahyr bolup, halkyň söýgüsini gazanyp bilmek, ynsan duýgularyny kökerip, ony jadylap bilmek her bir kişä başardybam durmandyr. Halk Hakdan içen şahyryň adyny apalap, ýüreginde saklaýar. Kämillige gol berip, welilik nazary bilen geçmişi-geljegi nazarlap, ähli sowallara jogap bermegi başaran dana atamyz beýik Magtymguly Pyragy şeýle şahyrdyr.

Magtymguly atamyzyň agzybirlik, Berkarar döwlet baradaky öwüt-ündewleri onuň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmeniň bir bitewi döwletli bolmagy baradaky pikirler hem-de arzuw-umytlar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde uly orny eýeleýär. Dana Pyragynyň adynyň tutulan ýerinde hökman türkmeniň ady tutulýar. Paýhasyň beýikliginiň ykrar edilmegi ony döreden halkyň beýikliginiň ykrarnamasydyr. Biz adamzada Magtymguly ýaly beýik danalary beren, keramatly pirleriň nazary düşen toprakda ýaşaýandygymyz üçin bagtlydyrys. Bu beýik bagty agzybirlik we jebislik bilen goramak we ony gülletmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Şihi Muhammetnazar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0