Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üns merkezinde

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üns merkezinde
Makalalar
26.03.2024, 22:05
115
0
26.03.2024ý.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üns merkezinde

  Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda birinji tapgyry ulanmaga berlen Arkadag şäheri sebitde deňi-taýy bolmadyk taslama hasaplanylýar. Şäherde ekologik abadançylygyň şertleriniň aňrybaş derejede amal edilendigi, onuň «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda bina edilendigi hem örän buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň üns merkezinde saklanylýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň  23-nji martda Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirmegi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşmagy hem şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy. Onda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyklar, gaznanyň işini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň we ýurdumyzda haýyr işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Atageldi Ýegenmämmedow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0