Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty

Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty
Makalalar
12.02.2024, 11:24
163
0
12.02.2024ý.

Änew — Türki dünýäniň medeni paýtagty

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini we taryhyny dünýä ýaýmakda hem-de wagyz etmekde aýratyn orna eýedir. Şonuň üçin-de TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen 39-njy mejlisinde biragyzdan kabul eden çözgüdi halkymyz üçin şatlykly waka boldy. Arheologik maglumatlar Änew şäheriniň eneolit döwründe — biziň eramyzdan öňki IV—III müňýyllyklarda peýda bolandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň taryhyny däl, eýsem, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşini öwrenmekde-de derwaýys taryhy merkezleriň biridir.

Türkmenistanyň bu babatdaky teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşy we doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde ýurdumyzyň has ynamdar hyzmatdaşdygynyň hem ykrarnamasydyr. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmen topragy geçmişde gadymy şäherleri guran gerçek pederlerimizden bize miras galan taryhy ýadygärliklere hem baýdyr.

Änew taryhy asyrlara uzaýan gadymy künjekdir. Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy, gadymy Änewiň galalary we beýleki taryhy ýerler bu topragyň gadymy şan-şöhratyndan habar berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Änewiň taryhy depelerinden 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri tapylýar. Bu bolsa Änew düzlüginiň ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň bolandygy hakdaky taryhy hakykaty ýüze çykarýar.

Geçmişde dürli atlar bilen meşhur bolan gadymy Änewiň taryhy bilen gyzyklanýanlar Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinden özlerine täsirli maglumatlary tapyp bilýärler. Änew şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän bu muzeý ak bugdaýyň şanyna gurlan dünýäde ilkinji muzeýdir. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda bina edilen bu ajaýyp muzeýde taryhy tapyndylaryň, gymmatlyklaryň müňlerçesi saklanýar.

Begjan Rejepow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0