Änew — türki dünýäniň gadymy medeni ojagy

Änew — türki dünýäniň gadymy medeni ojagy
Makalalar
28.03.2024, 19:41
179
0
28.03.2024ý.

Änew — türki dünýäniň gadymy medeni ojagy

  Bilşimiz ýaly, Änew şäheri irki döwürlerde medeniýetiň ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Dürli alymlaryň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar hem muny doly tassyklaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryhy şäheriň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi onuň şöhratly taryhynyň halkara derejede giňden wagyz edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy martynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi. 

Türkmeniň müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly taryhyna ser salsak, geçmişde çawy äleme dolan, ösen medeniýetli ençeme şäherleriň bolandygyna şaýat bolýarys. Şolaryň biri-de iňňän irki döwürlerde giň meşhurlyk gazanan Änew şäheridir. Bu ýerde dürli ýyllarda gazuw-agtaryş işleri geçirilip, gymmatly tapyndylaryň üsti açyldy. Şolaryň hatarynda bugdaý dänejikleriniň bolmagy bu sebitde iňňän gadymy döwürlerde-de ösen medeniýetli ýaşaýşyň bolandygyna güwä geçýär. Mahlasy, ýüze çykarylan bugdaý dänejikleri bereketli türkmen topragyna ak bugdaýyň Watany diýmäge doly esas berýär.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi Milli Liderimiziň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Gülsoltan Taraşowa

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 19-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2216
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1578
0