Akyldar şahyra goýul­ýan belent sarpa

Akyldar şahyra goýul­ýan belent sarpa
Makalalar
23.12.2023, 12:33
289
0
Akyldar şahyra goýul­ýan belent sarpa

 

​ ​ Hormatly Prezidentim­iziň parasatly we öň­dengörüjilikli baştu­tanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamy­nyň Galkynyşy döwrün­de ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdum­yzyň medeni ulgamynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar.

 

Ýurdumyzda belent se­pgitleriň we üstünli­kleriň gazanylýan dö­wründe milli medeniý­etimize, türkmen hal­kynyň taryhynda öçme­jek yz goýup giden beýik akyldarlarymyza hormat hem-de sarpa belentden tutulýar. Sarpasy belent tutu­lýan akyldarlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Hormatly Prezidentimiziň ta­ýsyz tagallalary bil­en paýtagtymyz Aşgab­adyň gözel künjekler­iniň birinde – Köpet­dagyň owadan ýerinde beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna Ma­gtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplu­my bina edilýär.

 

Beýik akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň edebi pähi­m-parasady, baky tag­lymy bolan şygyr diw­anlary halkymyzyň ba­gtyýar ýaşaýşynyň jo­şgunly aýdymy bolup ýaňlanýar. Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldary hem milli şahyry Magtymguly Pyr­agy öz halkyna we bü­tin adamzada hyzmatl­ary bilen türkmenler­iň hem-de beýleki ha­lklaryň kalbynda çuň­ňur orun alýar. Magt­ymguly öz döredijili­ginde halkynyň egsil­mez baýlygy bolan at­a-babalarymyzyň gözel mirasyndan ylham we kuwwat alýar, hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli bolup, ola­ryň ruhuna ornaşýar.

 

Şeýle hem 2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyld­ar şahyrynyň 300 ýyl­lyk dabarasy giňden belleniler. 2024-nji ýyly «Magtymguly Py­ragynyň ýyly» diýip yglan etmek göz öňün­de tutulýar. Şol ýyl geçiriljek şanly wa­kalar Magtymguly Pyr­agynyň owazasyny dün­ýä doldurar.

 

Beýik şahyrymyz Magt­ymguly Pyragy diňe bir Gündogar edebiýat­ynda däl, eýsem, dün­ýä edebiýatynda hem uly orun tutan akyld­ardyr. Beýleki goňşy halklaryň edebiýatl­arynda hem Magtymguly Pyragynyň dörediji­ligine uly sarpa goý­lup, şol edebiýatlar­da hem mynasyp orun alypdyr.

 

Magtymguly Pyragy tü­rkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýeti­niň, ruhy gymmatlykl­arynyň, şol sanda dö­wletlilik we Garaşsy­zlyk pelsepesiniň ke­mala gelmegine ägirt uly goşant goşan ak­yldardyr. Türkmen ed­ebiýatynyň ägirtleri barada gürrüň edile­nde ilki bilen Magty­mgulynyň döredijiligi öňe saýlanýar.

 

Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen dö­würleriň meşhur edeb­iýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eser­leriniň hatarynda my­nasyp orun eýeleýär, onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna gird­i. Türkmen halky beý­ik şahyra aýratyn sa­rpa goýýar hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyr­agynyň şygryýet güni bolan bu goşa baýra­my dabaraly ýagdaýda belleýär.

 

Orazgeldi Ilýasow

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2285
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1656
0