Akyldar watan hakda

Akyldar watan hakda
Makalalar
01.12.2022, 14:03
821
0
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar watan hakda

Magtymguly Pyaragynyň döredijiligi, onuň dünýäniň edebi gaznasyna beren genji-hazynasy hakynda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Akyldar şahyryň döredijilik örüsi şeýle bir giň. Şol döredijilik meýdanynyň islendik ýerinden özüňe gerekli zady tapyp bolýar.

Şahyryň köp temalara ýüzlenişi ýaly, şol bir wagtyň özünde-de onuň Watan, il-gün temasy hem özboluşly täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şahyr:

Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,

Ursa-sökse, horlasada il aýgşy – diýip, ilden aýra düşmegiň ynsan ogly üçin nä derejede kyndygyny aýdýar. Üstesine hem ýat illerde Watan zaryny çekmegiň agyrlygyny, iň agyr deňeşdirme bilen deňeşdirip, mysal getirip düşündirýär. Şol bir wagtyň özünde-de geljekgi nesil üçin Watanyňy, il-ýurduňy söýmek ündewini ündeýär. “Gididji bolma” atly goşgusynda bu meselä gönümel ýüzlenip maslahat berýär:

Gel, köńlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma. Özüňden egsik bir gaýry namardyň, Hyzmatynda gulluk ediji bolma.ş

Akyldar şahyryň bu berýän öwüt nesihaty ähli döwürlerde hem nesiller üçin, üýtgewsiz terbiýe mekdebidir.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instutynyn talyby Kasym Ýazmyradow
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0