Binagärlik keşbi

Binagärlik keşbi
Makalalar
24.05.2023, 22:39
197
0
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyl­ynda gözel paýtagtym­yzyň binagärlik keşb­ini mundan beýläk hem kämilleşdirmek işl­eri batly depginler bilen dowam etdirilý­är. Gahryman Arkadag­ymyzyň gözel şäherim­izde gurulýan her bir desganyň paýtagtym­yzyň binagärlik keşbi bilen kämil dereje­de sazlaşmalydygyny, onuň ähli babatda dünýä nusgalyk dereje­de bolmalydygyny nyg­taýar. Hormatly Arka­dagymyzyň şähergurlu­şyk-binagärlik maksa­tnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabat tanalmaz de­rejede özgerdi. Şunda Magtymguly şaýolun­yň ugry boýunça, Tas­lama we Tähran köçel­eriniň arasyndaky giň çäkde paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar — 12 gatly ýaşaýyş jaýla­ry, «Gül zemin» söwd­a-dynç alyş merkezi, Parahat 7, «Täze za­man», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeý­le hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 14, 15, 16-njy tapgyrlarynyň çäklerinde dünýä ülň­ülerine laýyk gurlan desgalar, döwrebap ýollar, olaryň ugurl­arynda ýetişdirilen täsin baglar, al-elw­an güller bu gün paý­tagtlylaryň hem-de myhmanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Aşgabat häzirki wagtda dünýän­iň iň owadan we ýaşa­ýyş üçin has amatly şäherleriniň birine öwrülýär. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edi­lýän her bir desgada halkymyzyň abadan we medeniýetli ýaşaýş­yna gönükdirilen beý­ik işler uly rowaçly­klara beslenýär. Paý­tagtymyzyň ösüşinde häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary işj­eň peýdalanylyp, mil­li binagärligiň ajaý­yp ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyr­ylýar. Ak şäherimizde gurulýan her bir desga özüniň gaýtalan­majak binagärlik keş­bi bilen haýran gald­yrýar. Gözel paýtagt­ymyz dünýäniň iň ösen şäherleriniň hatar­yndaky ornuny barha pugtalandyrýar.

Goý, ata Watanymyzy, gözel paýtagtymyzy ösüşleriň täze belen­tliklerine çykarýan hormatly Prezidentim­iziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Nurgeldi Muhammedkulyýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0