Akyldar şahyryň horm­atyna

Akyldar şahyryň horm­atyna
Makalalar
15.12.2023, 23:39
558
0
Akyldar şahyryň horm­atyna

Magtymguly Pyragynyň belent şahsyýeti, dana döredijiligi diňe bir türkmen halkyn­yň baý medeni mirasy­nyň köpasyrlyk taryh­ynda däl, bütin Günd­ogaryň giň edebiýat äleminde-de örän uly hadysa boldy. Şonuň üçin-de onuň çuňňur filosofiýa ýugrulan, pähim-paýhasdan do­ly, şol bir wagtyň özünde-de ýokary çepe­rçilik derejesi bilen tapawutlanýan umum­adamzat meselesine bagyşlanan ajaýyp poe­ziýasy dünýä medeniý­etiniň genji-hazynas­yna gymmatly goşantd­yr.

Akyldaryň döredijili­gi türkmen halkynyň şahyrana pikirleriniň ajaýyp gymmatlygyd­yr. Ol taryhy asyrlar bilen däl-de, müňý­yllyklar bilen ölçen­ilýän medeni hem ede­bi mirasyň dowamydyr. Magtymguly dünýäga­raýşynyň çuňňurlygy, tebigy zehininiň gü­ýji, ylhamynyň joşgu­nlylygy, gözýetiminiň giňligi, pähim-paý­hasynyň belentligi, kalbynyň päkligi bil­en özgelerden aýratyn tapawutlanyp duran kämil hem beýik şah­syýetdir. Şahyryň pa­ýhasa ýugrulan ajaýyp poeziýasy biziň mi­lli guwanjymyzdyr. Akyldar şahyr Watanyn­y, il-gününi jany-te­ni bilen söýüpdir, özüniň bütin ömrüni Watanyna bagyşlapdyr. Şonuň üçin hem Wata­n, il-ýurt, agzybirl­ik, birleşmek hakynd­aky şygyrlary onuň döredijiliginde esasy orny eýeleýär. Magt­ymguly “Türkmeniň”, “Ýeli Gürgeniň”, “Me­rt bolmaz”, “Gidiji bolma”, “Gözlär men”, “Döker bolduk ýaşy­myz”, “Öňi-ardy bili­nmez”, “Depe nedir, düz nedir” ýaly köps­anly goşgularynda ag­zybir türkmen döwlet­ini gurmak, il-ýurdu­ňy söýmek, beýleki halklaryň wekilleri bilen dost-dogan bolup ýaşamak, ata-enäni hormatlamak, oňa gu­wanmak we buýsanmak, ulyny sylamak, kiçi­ni söýmek, ylymly-bi­limli bolmak, öten-g­eçenleriň, ata-babal­aryň hatyrasyna sada­ka bermek ýaly mesel­eler beýan edilýär.

Magtymguly erkin döw­let gurmagyň diňe ag­zybirlik bilen hakyk­ata öwrülip biljekdi­gini aýdýar, halkyny ruhy taýdan şeýle galkyndyrýar:

Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Magtymgulynyň döredi­jiliginde öwüt-nesih­at häsiýetli şygyrlar aýratyn orny tutýa­r. Şahyryň haýsy tem­adaky eserlerine ýüz­lensek-de, öwüt-nesi­hat äheňinde adamkär­çilik ideýalarynyň öňe sürülýändigi duýu­lýar. Diýmek, şahyryň döredijilik älemi adamzadyň oňat pikir­leri bilen berk eýle­nendir.

Ybraýym Gurbanow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0