Makalalar

Makalalar
Makalalar
02.01.2024, 18:50
224
0
02.01.2024ý.

Ýyllar bir-birinden zyýada gelýär

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, täze — 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýyl tutuş türki dünýäde bolsa «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçer. Munuň özi umumadamzat gymmatlygynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, taryhy-medeni we ruhy-edebi ýadygärlikleri aýawly saklamaga gönükdirilen uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň ýüze çykmasydyr.

Täze ýyl — şadyýan baýramçylyk. Bu baýramçylyk ýurdumyzda hemişe uly şatlyk-şowhun, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylanýar. Täze ýyl agşamynda paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki äpet Baş arçanyň ýanynda guralan dabaralar, Diýarymyzyň çar künjeginde geçirilen tomaşalardyr konsertler watandaşlarymyzyň ruhuny belende göterip, baýramçylyk şatlygyny artdyrdy.

Gündogar müçenamasy boýunça 2024-nji ýyl — luw ýyly. «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýýän halkymyz luw ýylyny ýagmyrly, bereketli, asuda, abadan ýyl hasaplap, täze ýyla ýagşy niýet, uly ynam bilen gadam basdy.

Ýyl çalyşýan pursatlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göni ýaýlymda halkymyza Täze ýyl gutlagyny beýan edip, hemmelere bu ýylda-da rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw etmegi göwünleri galkyndyrdy. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen, ösüşli menzillere ýetmekde, şeýle-de halkara bileleşikde döwletimiziň ornuny pugtalandyrmakda uly üstünliklere beslenen 2023-nji ýylda ruhy we maddy mümkinçiliklerimiziň kuwwatyny aýdyň duýduk hem-de ony has-da berkitdik.

Gadam Hudaýberenow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0