Ýaşlar ýyly belent ruhda jemlenilýär

Ýaşlar ýyly belent ruhda jemlenilýär
Makalalar
23.12.2023, 21:16
275
0
Ýaşlar ýyly belent ruhda jemlenilýär

​ ​ Bütin halkymyz 2024-nji ýyly agzybirlikde we jebislikde garşylamaga taýýarlanýar. Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýylyna gadam basmagyň bosagasynda dur. Däp bolşy ýaly, täze ýyl, nesip bolsa, uly üstünlikleri, rowaçly menzilleri arkaly eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

Berkarar döwletde ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik özgertmelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her günümiz toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Muňa «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan hem-de halkymyzyň ykbaly üçin göwün göteriji täzeliklere baý bolan 2023-nji ýylyň mysalynda göz ýetirmek bolýar.

Aslynda-da, islendik bir ýurt hakda gürrüň edilende, onuň ykdysady mümkinçiliklerine we kuwwatyna garalýar. Türkmenistan döwletimiz şu jähetden ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň uly goruna eýe bolmak bilen, geoykdysady hem-de geosyýasy taýdan örän amatly gurşawda ýerleşip, ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýedir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen şol mümkinçilikleri peýdalanmagyň netijeli gurallary yzygiderli işlenip düzülýär. Hut şonuň üçin-de, biziň döwletimiz halkara giňişlikde ýurt we sebit ykdysady mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak babatda anyk teklipleri yzygiderli öňe sürýär, ol teklipler sebit we halkara guramalary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.

Hawa, tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler barmak basyp sanardan kän. Olaryň iň esasylarynyň biri-de iýun aýynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmegidir.​ Munuň özi ýurdumyzyň gurmaga ukyply ykdysady taýdan gurply döwletdigini ýene bir gzek dünýä äşgär etdi.

Umuman-a, 2023-nji ýylda ýetilen sepgitleri bir gürrüňiň çäginde birin-birin sanamak asla mümkin däl. Şonuň üçin-de, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky şanly wakalaryna gysgaça nazar aýlamak bilen, geljek ýylda sarpasy belent Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyzyň ösüşli menzillerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Aýnur Goçakowa

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0