Ýaş nesilleriň alada­sy

Ýaş nesilleriň alada­sy
Makalalar
15.12.2023, 23:46
269
0
Ýaş nesilleriň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda nesillerimiz bagtyýarlygyň goýnunda erkana ösüp-ulalýarlar. Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim, terbiýe almaklary üçin ähli şertdir mümkinçilikleriň döredilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Şol döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, çagalara döwrebap terbiýe bermek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Durmuşyň güllerine deňelýän mähriban körpelerimiz biziň geljegimizdir. Hut şonuň üçinem ýurdumyzda watansöýüji, berk bedenli, sagdyn nesilleri terbiýelemek boýunça alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzyň çar künjeginde ähli amatlyklary bolan çagalar baglaryny, Köpetdagyň salkyn jülgelerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bina edilen dynç alyş we sagaldyş merkezlerini ulanmaga bermegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpe nesilleriň geljekde zähmetsöýer, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda edýän aladalarynyň netijesidir. Şonuň üçin hem bagtyýar nesilleriň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan zamanasynda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize aýdylýan alkyşly sözler her bir çaganyň diliniň senasyna öwrülýär.

Gulmyrat Annakow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0