Ýaş nesiller üçin ýol görkeziji şamçyrag

Ýaş nesiller üçin ýol görkeziji şamçyrag
Makalalar
11.01.2024, 16:55
194
0
11.01.2024ý.

Ýaş nesiller üçin ýol görkeziji şamçyrag

​ ​ Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Gal­kynyşy döwründe hor­matly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde medeniý­et, sungat, ylym, bilim örän belent sep­gitlere ýetdi. Gahry­man Arkadagymyzyň «D­öwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň dowamyny «Watan di­ňe halky bilen Watan­dyr! Döwlet diňe ha­lky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen dowam edýän Ar­kadagly Gahryman Se­rdarymyzyň baştutanl­ygynda ýurdumyzda yl­ym-bilime, sungata, edebiýata, şol sanda kitaba uly sarpa goýulýar.

Ata-babalarymyz gady­my döwürlerden bäri pähim-paýhasa, ylym­-bilime uly sarpa go­ýup, dünýäde öçmejek şan-şöhrat gazanypd­yrlar. Ýaş nesiller­den Watana, il-ulsyna wepaly, mert, gaýd­uwsyz, maksada okgun­ly, ar-namysly, tut­anýerli şahsyýetleri kemala getirmekde çeper edebiýat esasy çeşme bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, şanly sen­e, ýagny 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan Täze ýylyň öňüsyrasy biziň durmuşymyzda ýatdan wakalaryň gün­leriň biri boldy. To­ýlary toýlara ulaşý­an gözel Diýarymyzda hormatly Prezidenti­miziň külli türkmen halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitaby biziň üçin bahasyna ýet­ip bolmajak serpaýdy­r.

Hormatly Prezidentim­iz bu ajaýyp kitabyň ilkinji sahypasynd­a: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegi­ni gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesi­llerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belläp geçýär. Arkada­gly Gahryman Serdary­myzyň ýaşlara bolan beýik ynamyndan göz­baş alýan bu sözleri­nden görnüşi ýaly, bildirilen uly ynam kemala gelýän nesill­erde geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklary­na gönügen belent maksat döredýär.

Ajaýyp eser biz üçin watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň ter­biýe mekdebine öwrül­di.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynyň jemleýji bölümind­äki: «Şeýle ýaşlary bolan halk beýik hal­kdyr! Şeýle halky bo­lan döwlet beýik dö­wletdir! Gahryman Ar­kadagymyzyň esasland­yran döwletlilik ýo­l-ýörelgesini dowama­ta ýetirmekde gadaml­aryňyz rowaç bolsun, eziz türkmen nesli­!» diýen beýik şygary biziň ählimize täze üstünlikler bilen ata Watanymyzyň abr­aýyna abraý, kuwwaty­na kuwwat goşmakda şamçyrag bolup ýol gö­rkezer.

Täçmyrat Atageldiýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1659
0