Watan goragy mukaddesdir

Watan goragy mukaddesdir
Makalalar
01.05.2024, 09:42
87
0
01.05.2024ý.

 

Watan goragy mukaddesdir  

 

  Taryhda neneň-niçik ýagdaýlar, müşgillikler bolanynda hem, watansöýüji türkmen halky ene topragyna gyýa göz bilen garalmagyna asla ýol bermändir. Eziz ýurdumyzyň at-abraýyny, şöhrat-şanyny äleme ýaýmagy mukaddes borjy bilipdir. Watan Tugunyň asuda parlamagy üçin gije-gündiz ýurt goragynda bolupdyr. Bu goragy özüne belent ykbal saýypdyr. Heňňam döräli bäri türkmen halkynyň mertebeli başynyň buýsanjyna, şöhratly taryhyna beslenen Türkmenistan bu gün döwrüň guwanjyna, döwranyň daýanjyna öwrüldi.

 

Geçmişe nazar aýlanyňda, halkymyzyň watançylygy siňen taryhy wakalary, edermenligi, gaýduwsyzlygy bilen didarlaşýarys. Ine, taryhyň sahypalaryndan, hakykatyň mazmunyndan aýdyň görünýän Watana bolan beýik söýgi häzirki döwürde hem türkmenistanlylaryň kalbynda ýaşaýar.

 

Bu mukaddes türkmen topragy ata-babalarymyzdan gelýän watansöýüjilik duýgusy bilen her döwürde ýurduň başyna geçen han-serdarlar, serkerdeler tarapyndan has-da arzylanypdyr, sarpalanypdyr. Olar watançy halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, harby gullukçylaryň watansöýüjiligini ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrypdyrlar. Türkmen halkymyza mahsus şeýle asylly ýörelgeler häzirki döwürde hem Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan nusgalyk derejede dowam etdirilýär. Watan goragçylary, umuman, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleri üçin edilýän uly tagallalaryň mazmunynda ýokardaky aýdylanlar aýdyň görünýär. Bu ajaýyp mümkinçiliklerdir arzyly şertler Gahryman Arkadagymyzyň «Watan goragy mukaddesdir» atly kitabynda: «Ýurdumyzda ýokary harby okuw mekdeplerini açmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şol sanda okuw sapaklaryny häzirki zaman kompýuter we beýleki tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça düýpli işler amala aşyryldy» diýen parasatly jümlelerde beýan edilýär.

 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri Watan goragçylaryny halal zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Täze taryhy döwürde mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň görkezýän göreldeleri, watansöýüjilige ýugrulan öwüt-ündewleri netijesinde ezber harby hünärmenler kemala gelýär. Watan goragçylary ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, ata Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala we polat galkan bolup durýarlar.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda merdana pederlerimizi nusgalyk görelde edinýän Watan goragçylary ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzüminde eziz Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden gulluk etmegi özleri üçin mukaddes borç, belent mertebe hasaplaýarlar. Sebäbi bu ýolda Watan goragçylaryna beýik mekdep bolup, watançylygy dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Ata Watanymyzyň asudalygyny berkitmekde, ýurt berkararlygyny dünýä ýaýmakda umumadamzat bähbidini nazarlaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeleri hemişe belent bolsun!

 

Myşiýew Hemra Annaorazowiç

 

Türkmenistanyñ Serhet institutynyñ mugallymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2284
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1655
0