Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatik ugurly ýokary okuw mekdepleri alyş-çalyş maksatnamalary üçin ýol kartasyny düzerler

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatik ugurly ýokary okuw mekdepleri alyş-çalyş maksatnamalary üçin ýol kartasyny düzerler
Makalalar
12.03.2024, 18:45
107
0
12.03.2024ý.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň diplomatik ugurly ýokary okuw mekdepleri alyş-çalyş maksatnamalary üçin ýol kartasyny düzerler

Azerbaýjanyň Diplomatiýa akademiýasy - ADA uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda wideo aragatnaşyk görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Wideo konferensiýanyň dowamynda ADA uniwersitetiniň rektory Fariz Ismailzade, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň prorektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow we Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasow çykyş etdi.

«Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ylym we bilim pudagyndaky bilelikdäki işleriň ileri tutulýandygy bellenildi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleri bilen ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. ADA uniwersiteti bilen Halkara gatnaşyklar institutynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek Ähtnamasynyň ähmiýeti bellendi» diýip, - Azerbaýjanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň web sahypasynda aýdylýar.  

Seýitnazar Silapow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0