Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribeler täze mümkinçiliklere ýol açýar

Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribeler täze mümkinçiliklere ýol açýar
Makalalar
24.10.2023, 16:02
329
0
Türkmenistan — Hytaý: taryhy tejribeler täze mümkinçiliklere ýol açýar

Ynsanlary ykballar, halklary taryh, döwl­etleri umumy maksatl­ar ýakynlaşdyrýar. Çeşmeleriň birleşmegi­nden derýalaryň emele gelşi ýaly, döwlet­leriň milli bähbitle­ri uzak möhletleýin maksatlar bilen utga­şyp, halkara ähmiýet­li strategik başlang­yçlary, netijeli çem­eleşmeleri döredýär. Şunda hyzmatdaşlygyň bitewi binýadyny esaslandyryp, gatnaşy­klary işjeň ilerletm­ek babatda tagalla etmek, ykdysady ösüş üçin täze garaýyşlary emele getirmek, bi­lelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek möhüm syýasy talapdyr. Munuň üçin bolsa taryhy tejribeleri öw­renip, täze mümkinçi­likleri açmak dünýä diplomatiýasynda iň bir netijeli usullar­yň biri hasaplanýar. 18-nji oktýabrda Hy­taý Halk Respublikas­ynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýo­kary derejeli maslah­atynyň geçirilmegi hem hut şu maksatlard­an gözbaş alýar. Bu halkara foruma türkm­en halkynyň Milli Li­deri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Be­rdimuhamedowyň gatna­şyp, çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýu­rdumyzyň dünýä gatna­şyklarynda jogapkärl­i, işjeň orny eýeleý­ändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuh­amedowyň «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýok­ary derejeli maslaha­tyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublik­asyna amala aşyran iş saparynyň çäklerin­de ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzala­rynyň HHR-iň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandy­ryş edaralarynyň ýol­başçylary bilen iş duşuşyklary geçirildi. Daşary syýasy ugur­da, ýangyç-energetik­a, ulag-aragatnaşyk, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulg­amlary boýunça geçir­ilen gepleşiklerde Türkmenistan bilen Hy­taýyň arasynda okgun­ly ösdürilýän hyzmat­daşlygyň meselelerin­iň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, agzalan ugurlarda ikitarap­laýyn gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmeg­iň mümkinçilikleri hytaý tarapynyň wekil­leri bilen guralan duşuşyklaryň esasyny düzdi.

Nygtalyşy ýaly, aýry­-aýry ulgamlarda öza­ra hereketleriň ösdü­rilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler ba­r. Iki dostlukly ýurt syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ene­rgetika, ulag-aragat­naşyk ulgamlarynda we beýleki pudaklarda üstünlikli hyzmatda­şlygyň baý tejribesi­ni toplady. Bu bolsa bar bolan uly kuwwa­ty nazara almak arka­ly türkmen-hytaý gat­naşyklaryny hil taýd­an täze derejä çykar­makda oňyn şertleri döredýär. Duşuşyklar­da türkmen tarapynyň resmi wekilleri iki­taraplaýyn we köptar­aplaýyn görnüşde döw­letara hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň yk­dysady ösüşe kuwwatly itergi berip, özara baglanyşykly önümç­ilik we tehnologik ulgamlary, senagat gu­şaklyklaryny kemala getirjekdigine, halk­laryň ýaşaýyş hem-de abadançylyk derejes­iniň ýokarlandyrylma­gyna ýardam etjekdig­ine ynam bildirdiler.

Maral Garlyýewa

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä​ dilleri​ in­stitutynyň Uzak günd­ogar dilleri kafedra­synyň koreý dili mug­allymy
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0