Türkmenistan — energiýa çeşmelerine baý döwlet

Türkmenistan — energiýa çeşmelerine baý döwlet
Makalalar
23.12.2023, 00:07
284
0
Türkmenistan — energiýa çeşmelerine baý döwlet

​ ​ Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, iri gaýtadan işleýän önümçilikleri döretmek we ösdürmek babatynda ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda bolmagy nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.

Häzirki döwürde tebigy gaz senagat taýdan ösen ähli döwletlerde öz täsirini durnukly artdyrýar. Tebigy gazy sarp etmegiň ýyllyk ösüş depgini-de energiýa serişdeleriniň beýleki görnüşlerinden ep-esli ýokarydyr. Tebigy gazyň ekologiýa taýdan arassa ýangyçdygy hem oňa bolan islegiň barha ýokarlanmagyna täsir edýär. Himiýa, metallurgiýa, maşyngurluşyk we elektroenergetika ýaly däp bolan senagat pudaklarynyň, gazhimiýa pudaklarynyň okgunly ösmegi tebigy gaza bolan islegiň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda geljekde-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýratyn belleýär. Türkmenistan häzirki wagtda energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, energiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy Ýewropa, Aziýa, Uzak gündogar we günorta-günbatar ugurlary boýunça giňeltdi. Dünýäniň öňdebaryjy meşhur maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Soňky döwürde tebigy gazy gözläp tapmak, çykarmak we senagat taýdan gaýtadan işlemek bilen bagly meseleler tutuş dünýä boýunça iň derwaýys meseleleriň birine öwrülýär. Türkmenistan olaryň çözgüdine işjeň gatnaşýar.

Ýakup Weýisow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby
Ctrl
Enter
Заметили ошЫбку
Выделите текст и нажмите Ctrl+Enter
Комментарии (0)
In Kop Seredilen
Talyplyk yyllary Talyplyk yyllary
Talyplyk ýyllary
Ýaşlygyň bir gaýtalanmaz pursaty, 
Talyplyk ýyllary, talyp ýyllaryň.
Söýgi hy...
23.09.2022, 20:25
2286
0
ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI ARKADAG ŞÄHERINDE OKUW ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGI GEÇIRILDI
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesin...
10.11.2023, 12:31
1657
0